HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Petronas we CNPC durnukly energetika babatda çözgütleri ösdürmek üçin Ähtnama gol çekdiler

Ýanwar 13, 2025 | 16:25 |8019
ütin dünýäde durnukly energetika babatda çözgütleri ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň Petrolium Nasional Berhad (PETRONAS) nebitgaz kompaniýasy hem-de Hytaýyň  milli nebit korporasiýasy bolan CNPC özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.ütin dünýäde durnukly energetika babatda çözgütleri ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň Petrolium Nasional Berhad (PETRONAS) nebitgaz kompaniýasy hem-de Hytaýyň  milli nebit korporasiýasy bolan CNPC özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Çeşme: msn.com

Bütin dünýäde durnukly energetika babatda çözgütleri ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň Petrolium Nasional Berhad (PETRONAS) nebitgaz kompaniýasy hem-de Hytaýyň milli nebit korporasiýasy bolan CNPC özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Resminama Hytaýyň 7-nji halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde geçirilen CNPC Halkara hyzmatdaşlyk forumynda gol çekildi. PETRONAS kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufik hem-de CNPC kompaniýasynyň başlygy Daý Houlýan bu resminama öz gollaryny çekdiler.

Bu hyzmatdaşlyk Malaýziýa bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, iki ýurduň arasyndaky berk dostlugy alamatlandyrýar. Ähtnamanyň esasy maksatlary nebitiň we gazyň barlaglary we olaryň gazyp alnyşy, şeýle hem suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) üpjünçilik zynjyrlary boýunýa hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, taraplar ýörite himiki serişdeleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ýaşyl wodorod tehnologiýalary we uglerody tutma ýaly öňdebaryjy pudaklar boýunça innowasion taslamalara ünsüni jemlemegi göz öňünde tutýarlar.

Bilim we iň gowy tejribeleri alyşmak üçin açyk meýdançanyň döredilmegi hem bu hyzmatdaşlygyň esasy bölegi bolar. Bu bolsa sebitiň durnukly energetika geçişini çaltlandyrmaga ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026