HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde

Ýanwar 13, 2025 | 11:50 |7398
Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.
Çeşme: ixbt.com

Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2014-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli bu ulgamda energiýanyň sarp edilşi 7 %, 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli döwürde bolsa – 18 % artdy. 2028-nji ýyla çenli bu sanyň ýurtda elektrik energiýasynyň umumy sarp edilişinden 12 % çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Bu çagyryşlara jogap edip, Microsoft we Amazon ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary öz amallary üçin ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini gözleýärler. Microsoft Helion Energy bilen termik we ýadro elektrik stansiýasynyň gurulmagy barada ylalaşyga gol çekdi. Ol 2028-nji ýyla çenli gurulyp tamamlanmaly. Bu ylalaşyk kompaniýanyň durnukly energiýa üpjünçiligini üpjün etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak islegini açyp görkezýär.

Amazon, öz gezeginde, ýadro energetika bilen baglanyşykly taslamalary ösdürýär hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, şol sanda ýel we gün energiýasyna maýa goýumlary artdyrýar. Iki kompaniýa hem özüniň şahsy çiplerini işläp taýýarlap we enjamlary kämilleşdirip, öz maglumat merkezleriniň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýar. Bu başlangyçlar diňe bir uglerod yzyny azaltmaga ýardam etmän, eýsem hasaplaşyk kuwwatlyklara bolan barha ösýän zerurlyklary üçin ygtybarly energiýa üpjünçiligini üpjün eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026