HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda inklýuziwligi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýanwar 10, 2025 | 11:15 |9130
2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” taslamasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Serdar Agaýewiň “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” atly taslamanyň ýolbaşçysy, “Ýaş ýardamçy” Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Jemal Gurbanowa bilen duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” taslamasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Serdar Agaýewiň “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” atly taslamanyň ýolbaşçysy, “Ýaş ýardamçy” Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Jemal Gurbanowa bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: belta.by

2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” taslamasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Serdar Agaýewiň “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” atly taslamanyň ýolbaşçysy, “Ýaş ýardamçy” Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Jemal Gurbanowa bilen duşuşygy geçirildi.

Olar taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünlikli terjibelerini öwrenmek meselelerini, şeýle hem ýurduň welaýatlarynda aýallar we ýaşlar telekeçiligini ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslamalara maýyplygy bolan adamlaryň çekilmegini we olaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan inklýuziwlik meselesine aýratyn ähmiýet berildi.

Serdar Agaýewiň belleýşi ýaly, aýallar we ýaşlar üçin ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek boýunça başlangyjy “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edilen maksatlaryň netijeli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen wezpeleri öz içine alýar.

Taslamanyň çäklerinde şahsy işewürligi döretmek meselelerine, kommunikasiýa strategiýalaryň işläp taýýarlanylmagyna hem-de ýaşlarda liderlik endikleriniň ösdürilmegine bagyşlanan seminarlaryň geçilirmegi meýilleşdirilýär. Jemal Gurbanowa döwlet gullukçylarynyň, durmuş gulluklaryň wekillerine el hereketler diliniň esaslaryny öwretmegini göz öňünde tutýan “Balkan welaýatynda el hereketler dilini öwretmek” taslamasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Eşidiş bozulmalary bolan adamlar bilen özara gatnaşykda bu örän möhüm bolup durýar. Taslama tarapyndan hödürlenilýän okuwlar eşidiş bozulmalary bolan adamlar bilen netijeli gatnaşyk üçin zerur bolan amaly endikleri edinmäge gönükdirilen.

Iki taslamanyň wekilleri tarapyndan geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda döwlet edaralary, ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barmagyň hem-de taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin amaly bilimleri özara alyşmak boýunça duşuşyklary geçirmegiň wajyplygy barada aýratyn bellenildi.

Iki taslamanyň hem seminarlara mugt esasda gatnaşmak mümkinçiligini hödürleýändigini bellemeli. Bu bolsa olary taslamanyň çäklerinde hödürlenilýän mowzuklar boýunça öz hünär ukyp-başarnyklaryny we bilimlerini ösdürmek isleýän adamlaryň giň köpçüligi üçin elýeterli edýär.

“Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” we “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” taslamalary Türkmenstandaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň grant maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026
Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

15:00 Oktýabr 28, 2026