HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermen “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek tapgyrlary we “Derweze” kraterini öçürmek işiniň öňegidişligi barada gürrüň berdi

Ýanwar 09, 2025 | 14:00 |10307
“Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistanyň we bütin dünýäniň gaz senagaty pudagy üçin strategiki desga bolup durýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň barlaghana müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory Irina Lurýewanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda taslama tejribe-senagat ulanyş tapgyryndadyr.“Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistanyň we bütin dünýäniň gaz senagaty pudagy üçin strategiki desga bolup durýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň barlaghana müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory Irina Lurýewanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda taslama tejribe-senagat ulanyş tapgyryndadyr.
Çeşme: www.oilgas.gov.tm

“Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistanyň we bütin dünýäniň gaz senagaty pudagy üçin strategiki desga bolup durýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň barlaghana müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory Irina Lurýewanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda taslama tejribe-senagat ulanyş tapgyryndadyr.

Çaklama hasabatlar ýatagy özleşdirmegiň ýedi tapgyryny göz öňünde tutýar – diýip, Irina Iliniçna belledi. – Häzirden eýýäm çuňlaşdyrylan buraw ýaly innowsion tehnologiýalar hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän gazy taýýarlamagyň häzirki zaman ulgamlary işjeň ulanylýar. Serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna we ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda barlaglaryň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlaryna geçmekligine garaşylýar.

Lurýewanyň aýtmagyna görä özleşdirmegiň tapgyrlaýyn strategiýasy maýa goýum akymlaryny oýlanyşykly dolandyrmaga hem-de tehnologiýa prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, kükürti we kömürturşy gazyny gaýtadan işlemek mümkinçilikleri öwreniliýär, bu hem ekologiýa howplary azaldýar. Ýatakda gazyň alynmagy ýylda 200 mlrd m3 ýetjekdigine garaşylýar.

Öz gürrüňdeşliginde Irina Lurýewa 1963-nji ýyldan bäri ýanyp duran “Derweze” gaz kraterine hem ünsi çekdi.

Bu täsin hadysa bolan gyzyklanma örän ulydyr, emma onuň ekologiýa meselesi hem bar. Girdeji getirip biljek gazyň uly möçberi harçlanýar – diýip, Lurýewa aýratyn belläp geçdi.

Ylmy-barlag institutyň işgärleri krateriň daşky gurşawa ýetirýän tasirini peseltmek üçin birnäçe çözgütleri teklip etdiler. Olaryň arasynda gazyň filtr akymyny dolandyrmak hem-de krateriň golaýynda täze guýyny burawlamak.

Biz eýýäm ilkinji netijeleri görüp başladyk: Capterio kompaniýasy tarapyndan berlen hemra suratlary gazyň zyňyndylarynyň peselýändigini tassyklaýar – diýip, Irina Lurýewa goşmaça belledi. Kabul edilen çäreler diňe bir gözegçilik edip bolmaýan zyňyndylary azaltmaga ýardam etmän, eýsem Türkmenistanyň ekologiýa jogapkärçiligine bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem-de durnukly ekologiýa ösüşini utgaşdyryp, özüniň iri gaz taslamlarynyň ösdürilmegini dowam edýär. “Galkynyş” gaz ýatagy hem-de “Derweze” gaz krateri tebigy serişdeleri özleşdirmegiň hem-de onuň bilen baganyşykly wezipeleriň çözülmeginiň netijeli çemeleşmeleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026