HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Dekabr 17, 2024 | 02:15 |16876
16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi
Çeşme: orient.tm

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.

Telekeçiler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň berk ykdysady mümkinçiligi bolan Türkmenistan bilen has netijeli gatnaşyklary ösdürmek islegini tassykladylar.

Döwlet Baştutany Türkmen-amerikan işewürlik forumynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. ABŞ-ly hyzmatdaşlaryň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörejekdigini belläp, Serdar Berdimuhamedow şol gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutany birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandyny aýratyn belledi. Işewürler geňeşi iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026