HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Dekabr 14, 2024 | 01:30 |8958
13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Çeşme: orient.tm

13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Türkmenistanda, gadymdan bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary, umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, Serdar Berdimuhamedow ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bilen bagly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlarynda aýdyldy.

Biz wagtyň synagyndan geçen iň ýakyn goňşymyz bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugrudyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutan we ilçi ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli dialogyň ýokary derejesini bellediler. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär, olaryň arasynda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýet berilýär. Ynsanperwer ugry ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar.

Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanyna alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026