HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistanyň ilçisi hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini bellediler

Dekabr 14, 2024 | 01:50 |7451
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Arsen Awagýandan ynanç hatyny kabul etdiPrezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Arsen Awagýandan ynanç hatyny kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Arsen Awagýandan ynanç hatyny kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň ýolbaşçylary ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen ýürekden gutlap, türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlarynda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar.

Iki tarap hem birek-bireg hormat goýmak we umumy bähbitlerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026