HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy

Dekabr 13, 2024 | 13:15 |9207
12-nji dekabrda ýurtda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi12-nji dekabrda ýurtda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi
Çeşme: tdh.gov.tm

12-nji dekabrda ýurtda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy dabaralandyrýan taglymatdyr.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň bu özboluşly hukuk derejesi halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Biziň Bitarap döwletimiz ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar,

Biziň ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, ÝUNESKO, BMG-niň Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykarylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026