HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mejlisde Oman Soltanlygynyň Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Dekabr 05, 2024 | 20:35 |5352
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi
Çeşme: mejlis.gov.tm

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde döwletara we hökümetara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň uly mümkinçilikleri barada beýan edildi.

Şeýle hem Oman Soltanlygynyň Türkmenistanda bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen duşuşdy.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly pudaklarda türkmen-oman gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem diplomatlar Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek möhümdigini belläp, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026