Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi

Noýabr 25, 2024 | 10:00 |8738
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýarHimiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýar
Çeşme: education.gov.tm

25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýar.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, P.Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Ural döwlet ykdysady uniwersitetinden, Nowosibirsk döwlet milli gözleg uniwersitetinden, Kazan (Wolga) federal uniwersitetinden, D.I.Mendeleýew adyndaky Russiýanyň himiko-tehnologiki uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baky inženerçilik institutyndan, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Karşi döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Azad Yslam uniwersitetinden, Maşatdaky Ferdöwsi adyndaky uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetinden, Pekiniň himiki tehnologiýalar uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Ýaponiýanyň Saitama uniwersitetinden, Okion oba hojalyk we tehnologiýalar uniwersitetinden, Türkiýe Respublikasynyň Atatürk uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.

Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymary, alymlary eminlik edip, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026