Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň ýalpaklaşmagy meselesini çözmek üçin birleşýärler


BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP29) 29-njy mejlisiniň çäginde Bakuda geçirilen “Howanyň üýtgemegi netijesinde Hazaryň deňziniň derejesiniň peselmegi” mowzugynda Hazarýaka ýurtlarynyň resmi adamlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk.
“Suinfo.az”-yň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrligi we “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky” Çarçuwaly konwensiýanyň sekretariaty, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Eýranyň we BMG-nyň wekilleri bilen bilelikde guralan duşuşykda, Hazarýaka ýurtlarynyň bilermenleriniň suw derejesindäki üýtgeşmeleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we uýgunlaşma çärelerini işläp düzmek üçin bilelikdäki işleriniň möhümdigini bellediler.

Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Umaýra Tagiýewa duşuşykda çykyş edip, Hazar deňziniň derejesiniň taryhda hasaba alnan iň pes derejä ýakyndygyna ünsi çekdi. Soňky 30 ýylda deňiz derejesi takmynan 2,5 metre çenli azaldy we soňky ýyllarda ýyllyk pese gaçmak 20-30 santimetre ýetdi. Şeýle derejede deňziň ýalpaklaşmagy, haýal etmän çäre görmegi talap edýän daşky gurşaw we ykdysady töwekgelçilikleri döredýär.

Çäräniň dowamynda UNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen “Hazar deňziniň derejesiniň durnuksyzlygy we howanyň üýtgemegi” hasabatyny hödürledi. Bütindünýä bankynyň we Ýaşyl howa gaznasynyň wekilleri hem bu mowzukdaky çykyşlar bilen çekişmelere gatnaşdylar.

Duşuşykda Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada Hazarýaka döwletleri tarapyndan jarnama kabul edildi.
ORIENT





