HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmentel-2024” halkara forumy sanly geljegiň gözýetimini açýar

Noýabr 14, 2024 | 12:25 |11543
14-nji noýabr, penşenbe güni telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara forumy Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda açyldy14-nji noýabr, penşenbe güni telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara forumy Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda açyldy
Çeşme: orient.tm

14-nji noýabr, penşenbe güni telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara forumy Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda açyldy.

ab99e70c-82a0-44e2-b78f-aac54c292bdc.JPEG

Sergi bilen maslahaty öz içine alýan forum şu ýyl 17-nji gezek geçirilýär we gurnaýjylar tarapyndan toplanan tejribe bu çäräni ählumumy tehnologiki ösüşi we sanly geljegiň nukdaýnazaryndan telekommunikasiýanyň üýtgeýän keşbini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu çäräni ýokary hünär derejesindäki esasy pudak hökmünde görkezmäge mümkinçilik berýär.

7a9650ae-2d76-4734-8090-60bf91417492.JPEG

“Türkmentel — 2024” atly halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistan hökümetiniň, ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew okady.

f0fc31c5-8f75-4098-8f68-946f709c615d (1).JPEG

Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar we sergi meýdançasyna 30 ýurtdan 80-den gowrak kompaniýanyň, guramanyň we hökümet edaralarynyň 200-den gowrak wekili ýygnandy. Tehnologiýa forumyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda Hytaý, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Gresiýa, Ispaniýa, Irlandiýa, Awstriýa, Belgiýa, Şweýsariýa, Finlýandiýa, Estoniýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan, Belarus, Ukraina, Ysraýyl, BAE, Singapur, Liwan, Malaýziýa şeýle hem ýakyn goňşular – Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Owganystan ýaly ýurtlar bar.

4afb3c8d-4f53-4341-8d63-e67c551c7070.JPEG

Sergide “Apple”, “Huawei”, “Nokia”, “Motorola”, “Thales” ýaly dünýä markalarynyň stendlerini görmek bolýar. Elbetde, Türkmenistan IT pudagynda we häzirki zaman aragatnaşyk pudagynda özüniň mümkinçiliklerini giňden görkezýär. Sergidäki iň uly pawilion “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan düzüldi. Ýerli sergä gatnaşýanlaryň arasynda – “TM CELL” markasy boýunça hyzmatlary berýän “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory, “Türkmenpoçta” poçta operatory, şeýle hem “Aýdyň Gijeler”, “Nurly Tolkun”, “Belet”, “Sanly Çözgüt” we başga birnäçe kompaniýalar bar.

9066df1c-3c5d-49d0-8aba-4b72021af1d6.JPEG

747c5902-5985-4a4e-b248-125d38c0ee6c.JPEG

97c92df0-a223-4a01-9b7d-0f6cca668a7d.JPEG

f40b2de1-8814-48d2-8bfc-59a80acb125b.JPEG

“Türkmentel-2024” almy ylmy maslahaty günüň ikinji ýarymynda başlar. Alymlar, bilermenler, telekeçiler we düzgünleşdirijiler sanly üýtgeşmeler, kiberhowpsuzlyk, aragatnaşygyň geljegi, hemra tehnologiýalary, şeýle hem döwletiň sanly ösüş strategiýasy bilen baglanyşykly meselelerde halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň dowamynda, şenbe güni, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasiýa bäsleşiginiň netijeleri jemlener, bu ýerde iň oňat ýaş işläp düzüjiler sanly önümlerini işewür toparlaryna görkezmäge mümkinçilik alarlar.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky duşuşyklar hem meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026