HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Ashgabat Open 2024” halkara tennis ýaryşy geçirilýär

Noýabr 11, 2024 | 16:50 |9398
Şu gün, 11-nji noýabrda türkmen paýtagtynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open 2024” halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy.Şu gün, 11-nji noýabrda türkmen paýtagtynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open 2024” halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 11-nji noýabrda türkmen paýtagtynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open 2024” halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy.

IMG_20241111_153304_112.jpg

Çäre Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda geçirildi we ýaryşyň açylyşy Türkmenistanly ýaş ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary bilen tapawutlandy.

17-nji noýabra çenli dowam etjek bu sport bäsleşige 12 ýurtdan zehinli tennisçiler ýygnandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Täjigistanyň tennisçileri bar.

Bu ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň goldawy bilen gurnaldy.

Frame 47 (3).png

Ilima Guseýnowa – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýaryşda altyn medalyň esasy dalaşgäri

SnFRi1K20bbzj0SVHWVtgWB7Kv9fFAqf9o0ZLlKi.jpg

Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna ýaş we zehinli tennisçileriň wekilçilik edýändigini bellemek möhümdir. Ýaryşda Türkmenistanda we tutuş Aziýa sebitinde iň güýçli türgenleriň biri bolan tennisçi Ilima Guseýnowa aýratyn ünsi özüne çekýär.

Häzirki wagtda Ilima Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) sanawynda 4-nji orny eýeleýär. Bu bolsa ony Aşgabatda geçirilýän ýaryşyň dalaşgäri hökmünde görkezýär. Ilima tejribeli halypasy Uma Hummetowanyň ýolbaşçylygynda oýnuny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Şu ýyl Guseýnowanyň halkara giňişlikde ajaýyp netijeleri görkezendigini bellemelidiris. Oktýabr aýynda Katarda geçirilen 3-nji Aziýanyň ýetginjekler ýaryşynda ýekelikde hem-de jübütleýin görnüşde ýeňiji bolup, iki altyn medal gazandy. Awgust aýynda Malaýziýada geçirilen “Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)” ýaryşynda jübütleýin görnüşde kümüş medala eýe boldy. Iýul aýynda Ilima Gazagystanyň Şymkent şäherinde geçirilen “ATF 14 & Under” ýaryşynda ýekelikde kümüş medala mynasyp boldy.

“Ashgabat Open 2024” ýaryşy ýaş tennisçiniň karýerasyndaky möhüm tapgyr bolar we öz çykyşlaryna 13-nji noýabrda başlar.

Türkmenistanda uly tennisiň derejesi ýylsaýyn ösmegini dowam etdirýär we şeýle halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi ähli türkmen tennisçileriniň hünär taýdan ösmegine goşant goşýar.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026