HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär

Noýabr 10, 2024 | 03:50 |10605
Geljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 12-nji mejlisinde aýtdy diýip, GDA-nyň internet portaly habar berdiGeljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 12-nji mejlisinde aýtdy diýip, GDA-nyň internet portaly habar berdi
Çeşme: orient.tm

Geljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 12-nji mejlisinde aýtdy diýip, GDA-nyň internet portaly habar berdi.

Owgan meselesi barada Şoýgu: “Bu ugurda işjeň we ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Täjigistan-Owganystan serhedini berkitmek üçin ýörüte maksatnama, Bilelikdäki Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanmaga taýýar. Geljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Maslahat beriş Moskwa formaty işleýär, nobatdaky mejlisi oktýabr aýynda geçirildi. Owgan meseleleri ŞHG-nyň çägindäki mejlisleriň gün tertibine girizilýär. Şonuň üçin bar bolan mehanizmler işe girizilen” diýip, belledi.

“Talyplar” häkimiýet başyna gelen döwründen bäri olar bilen işleşmegiň mümkindigini we zerurdygyny iş ýüzünde subut etdiler. Öz gezegimizde, olar bilen amaly gatnaşyklary ýola goýýarys we “Talyplary” Russiýanyň gadagan edilen terrorçylyk guramalarynyň sanawyndan çykarmak mümkinçiligini öwrenýäris” – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary mälim etdi. Onuň pikiriçe, Owganystanyň häkimiýeti sebit hyzmatdaşlygyna çekmek we Kabul bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026