HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eksport potensialyny güýçlendirmekde öý himiki serişdelerini öndürijiniň tejribesi

Noýabr 04, 2024 | 07:00 |29869
“Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy – Türkmenistandaky kir ýuwujy we ýuwujy serişdeleri öndürýän öňdebaryjy zawodlaryň biri bolup, ol Aşgabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu zawod 2019-njy ýylyň 21-nji martynda açylyp ulanmaga berildi. Bu günki sanymyzda Mekan Kuliýew, kärhananyň önümçilik hünärmeni, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini güýçlendirmekde we geljekdäki işlerinde olar üçin gaty peýdaly boljak maglumatlary aýdyp berdi.“Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy – Türkmenistandaky kir ýuwujy we ýuwujy serişdeleri öndürýän öňdebaryjy zawodlaryň biri bolup, ol Aşgabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu zawod 2019-njy ýylyň 21-nji martynda açylyp ulanmaga berildi. Bu günki sanymyzda Mekan Kuliýew, kärhananyň önümçilik hünärmeni, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini güýçlendirmekde we geljekdäki işlerinde olar üçin gaty peýdaly boljak maglumatlary aýdyp berdi.
Çeşme: Orient.tm

“Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy – Türkmenistandaky kir ýuwujy we ýuwujy serişdeleri öndürýän öňdebaryjy zawodlaryň biri bolup, ol Aşgabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu zawod 2019-njy ýylyň 21-nji martynda açylyp ulanmaga berildi. Bu günki sanymyzda Mekan Kuliýew, kärhananyň önümçilik hünärmeni, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini güýçlendirmekde we geljekdäki işlerinde olar üçin gaty peýdaly boljak maglumatlary aýdyp berer.

Bu kärhana Italiýa, Germaniýa we Türkiýe Respublikasynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ulanmak bilen dünýä standartlaryna laýyk gelýän öňdebaryjy öýde ulanylýan himiki serişdeleri öndürýär. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 50 000 tonna barabar bolup, bu bolsa içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyryp, daşarky bazarlara hem eksport etmäge mümkinçiliginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Hil dolandyryş ulgamy ISO-9001-2015 talaplaryna laýyk gelip, sertifikat ISO-14001-2015 bolsa kärhananyň daşky gurşawy goramak we hapalanmagyna garşy çäreleri alyp barýandygyna, şeýle-de öwezini dolup bolmaýan tebigy resurslary tygşytly ulanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ulanyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli önümleri öndürmek kärhananyň baş maksady bolup durýar. Şu sebäpli kärhana doly kompýuterlaşdyrylan we onda yzygiderli hil barlaglaryny geçirmek üçin merkezi barlaghana hereket edýär. Ähli önümler Italiýanyň häzirki zaman ýokary tehnologik “Desmet Ballestra S.p.A” atly kompanisýasynyň enjamlarynda öndürilýär.

“Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasynyň önümleri ekologik taýdan arassa bolup, siziň maşgalaňyza we daşky gurşawa zyýansyz diýip aýdylyp bilner.

Kärhananyň işgärleri müşderileriň isleglerine we talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek üçin zähmet çekýärler. Şol sebäpli pudakdaky iň täze tejribelere we ülňülere laýyk gelýändigini görkezýän dürli halkara standart şahadatnamalary bar. Bu şahadatnamalar - ygtybarly önümleri öndürmäge edilýän aladalaryň nyşanydyr. Şeýle hem olar, önümleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça edilýän tagallalaryny görkezýär.

Kärhana kir ýuwujy serişdeleri, agardyjylary, tegmil aýyryjy serişdeleri, ýuwujy serişdeleri, suwy ýumşadyjy serişdeleri we ýag aýyryjy serişdeleri öndürýär.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş. Berkararlyk etr. 2127 (G.Gulyýew) köçesiniň 56 jaýy

Telefon belgisi:

Kabulhana +993 12 595192/93/94

Söwda bölümi +993 64 324689

Faks: +993 12 761860

Web sahypasy: www.turkmenberk-metal.com

e-mail: tberkmetal@gmail.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026