HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Noýabr 03, 2024 | 00:50 |14161
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler babatda halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy nygtaldyMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler babatda halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy
Çeşme: iea.org

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler babatda halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabra çenli Dubaý şäherinde geçirilen BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşuldy. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasynyň maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

“Ýol kartasynyň” Türkmenistanyň energiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin ählumumy tagallalara goşant goşjak beýleki çäreleri girizmek arkaly 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny azaltmak maksatlaryny tassyklaýar.

“Ýol kartasyny” üstünlili durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär.

“Ýol kartasynyň” çäginde dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, “tegelek stol” duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny şeýle hem bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy öz içine alýan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak işlerine aýratyn üns berler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026