HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa ýabany alajagaplaňlary geçirmek barada Türkmenistan bilen gepleşikleri alyp barýar

Noýabr 02, 2024 | 15:20 |9113
Kawkazyň biosfera goraghanasy Russiýa ýabany alajagaplaňlaryň mümkin geçirilişi barada Türkmenistan, Päkistan we beýleki ýurtlar bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada goraghananyň direktorynyň, Soçiň milli seýilgähiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Şewelewiň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.Kawkazyň biosfera goraghanasy Russiýa ýabany alajagaplaňlaryň mümkin geçirilişi barada Türkmenistan, Päkistan we beýleki ýurtlar bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada goraghananyň direktorynyň, Soçiň milli seýilgähiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Şewelewiň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Kawkazyň biosfera goraghanasy Russiýa ýabany alajagaplaňlaryň mümkin geçirilişi barada Türkmenistan, Päkistan we beýleki ýurtlar bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada goraghananyň direktorynyň, Soçiň milli seýilgähiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Şewelewiň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.

Üç aý mundan ozal ýitip barýan alajagaplaňlaryň täze ene baş sanyny goraghana geçirmek makstnamasyny başlamak barada beýleki ýurtlar bilen gepleşiklere geçildi.

Süýdemdirijileri gorap saklamak boýunça Merkezi Aziýa başlangyjynyň kesgitlemegine laýyklykda, Türkmenistanda Eýrandan soň dünýäde ulylygy boýunça ikinji ýerde duran alynky aziýa alajagaplaňlaryň (Panthera pardus) populýasiýasy ýaşaýar. Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň gyzyl sanawy alajagaplaňlaryň bu görnüşini “ýitmek howpy abanýan” hökmünde kesgitleýär, we dürli bahalara görä, ol 9-13 ýurtda ýaşaýar, sebäbi olaryň kä birinde görnüş sany birlik sana çenli azaldy.

Kawkazyň biosfera goraghanasy – bu takmynan 100 ýyl mundan ozal emele gelen Russiýadaky iň gadymy dag-tokaý goraghana zolagydyr. Alynky aziýa alajagaplaňlary Günbatar Kawkazyň çäginden 80-den gowrka ýyl mundan ozal ýitip, beýleki sebitlere göçüp gitdiler. Diňe 2016-njy ýylda alymlar bu görnüşiň käbir sanlaryny başdaky ýaşaýyş gurşawyna yzyna gaýtaryp getirmegi başardylar.

Ozal eýýäm Türkmenistan Alous we Çerri lakamly alajagaplaňlary Russiýa geçirdi. Birnäçe ýylyň dowamynda olaryň 13 çagasy boldy. Soňky iki ulalanja alajagaplaňjyklar – gyz jynsy Açipse we oglan jynsy Çilmas – ýabany tebigata goýberildi. Häzirki wagtda bu jübüt reproduktiwdan soňraky ýaşyna ýetdiler, şonuň üçin hem alajagaplaňlaryň täze maşgalalary gerek bolup durýar, olaryň kömegi bilen hünärmenler bu seýrek duş gelýän görnüşiniň populýasiýasyny dikeltmegini dowam ederler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

13:00 Iýul 15, 2026
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026