HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etdi

Oktýabr 26, 2024 | 04:35 |16159
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama kabul edildi.2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama kabul edildi.
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Şeýle hem daşary işler ministri “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Bu geňeş döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan “2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna” garamak teklip edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026