HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda donor plazmasyny ýygnamak boýunça Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy

Oktýabr 08, 2024 | 15:30 |12447
Daşkentde donor plazmasyny ýygnamak boýunça “Feruza” atly Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy.Daşkentde donor plazmasyny ýygnamak boýunça “Feruza” atly Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy.
Çeşme: uza.uz

Daşkentde donor plazmasyny ýygnamak boýunça “Feruza” atly Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy.

Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda döredilen bu Merkez degişli önümleriň taýýarlanylyşy üçin plazmanyň farmasewtiki çig-mal hökmünde taýýarlamak üçin niýetlenendir. Plazma merkezinde GMP ulgamy ornaşdyrylyp, ol derman serişdeleriniň öndürilmeginiň hil standartlaryny kesgitleýär. Onuň işleýişi üçin daşary ýurtly ýokary tehnologiýa enjamlary we çykdajy materiallary satyn alynyp, onuň hünärmenleri bolsa Çehiýada okuwlary geçdiler. Mundan başga-da, GMP standartlar boýunça wengriýaly hünärmenler çagyryldy.

Merkeze lukmançylyk işi baradaky şahadatnama, GMP şahadatnamasy we albumin, immunoglobulin ýaly gan serişdelerini we gan koagulýasiýa faktorlaryny öndürmäge rugsat berýän ygtyýarnama berildi.

Merkeziň açylmagy 2022-nji ýylyň noýabrynda “Tashkent Pharma Park” klasteri bilen baglaşylan maýa goýum ylalaşygyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

Ýylyň ahyryna çenli Daşkentde plazmany ýygnamak boýunça ýene 3 merkeziň, welaýatlarda bolsa 20-den gowrak merkezleriň açylmagy göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026