HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde durmuş özgertmelerine ygrarlydygyny tassyklady

Oktýabr 02, 2024 | 19:45 |2523
Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.
Çeşme: Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy

Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.

Bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň hemişelik wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça bilermenler gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyş etdi. Adam hukuklarynyň esasy şerti hökmünde ösüş hukugynyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň bu ugurdaky häzirki tagallalary barada aýtdy.

02102024-turkmenistan-v-sovete-oon-po-pravam-cheloveka (1).jpeg

Ilçi Hajyýew ýurduň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Bu başlangyçlar gurluşlaýyn özgertmeleri, iş orunlaryny döretmegi we kiçi we orta telekeçilige goldawy öz içine alýar, bular raýatlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hajyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda sebitdäki durnuklylyga we howpsuzlyga goşant goşmak bilen durmuş ugruna gönükdirilen döwletiň eýeleýän ornuna ygrarlydygyny aýtdy.

Adam hukulary boýunça geňeşiň 57-nji mejlisi 9-njy sentýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda Ženewada geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026