HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Oktýabr 03, 2024 | 16:15 |7978
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

03102024-posol-turkmenistana-s-predsedatelem-komiteta-parlamenta-gruzii (2).jpg

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran saparlaryny bellediler.

Ilçi E.Bolkwadzen Ilçihana tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler bilen tanyşdyryldy, şeýle hem geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda durup geçildi.

03102024-posol-turkmenistana-s-predsedatelem-komiteta-parlamenta-gruzii (5).jpg

E.Bolkwadze hem öz gezeginde, hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de bular ýaly çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň giňden tanalmagyna, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkemegine uly goşant goşjakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026