HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we USAID: ekologiýa we ykdysady özgerişler üçin bilelikdäki tagallalar

Oktýabr 02, 2024 | 14:30 |9488
Änjali Kaur, USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA), Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bardy.  DAA Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy wekilleri bilen, şol sanda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmengaz we Türkmennebit bilen duşuşdyÄnjali Kaur, USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA), Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bardy.  DAA Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy wekilleri bilen, şol sanda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmengaz we Türkmennebit bilen duşuşdy
Çeşme: USEmbassy Ashgabat PAS

Änjali Kaur, USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA), Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bardy. Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleriniň esasy wekilleri bilen duşuşdy. Bu sapar, USAID Türkmenistanyň durnukly ösüşini we netijeli dolandyryşyny öňe sürmäge taýýardygyny görkezýär.

USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi Kaur öz duşuşyklarynda ykdysady diwersifikasiýa, daşky gurşawy goramak we gatnaşmak arkaly dolandyryş bilen baglanyşykly möhüm başlangyçlary maslahatlaşdy. Bu, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitdäki serhetara söwdany ýeňilleşdirmek ýaly möhüm sebitleýin başlangyçlary öz içine alýar.

COP 28-de (28-nji Taraplaryň Maslahaty) Türkmenistan Global Metan Ähtnamasyna goşulmak bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekdäki borçnamasyny aýdyň görkezdi. USAID metan zyňyndylaryny we uglerody azaltmakda Türkmenistan bilen işleşýär.

Şeýle hem, USAID türkmen ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda Döwlet statistika komiteti bilen bilelikde statistik hasabatlaryň sanly görnüşde tabşyrylmagyny goldaýar. USAID Türkmen gümrük işgärlerine Harytlaryň Halkara Utgaşdyrylan Düşündiriş we Kodirleme ulgamy arkaly harytlary klassifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki okuwy goldady.

imgonline-com-ua-Frame-blurred-Ei4eJFA679.jpg

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Kaur, USAID we Türkmenistanyň Hökümeti bilen eksporty köpugurlylaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026