Özbegistanda parlament saýlawlary: Türkmenistanda nirde ses berip bolar


Özbegistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy Respublikanyň Oliý Mejlisiniň kanunçylyk palatasynda geçiriljek deputatlaryň saýlawlary barada brifing gurnady. Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Uktam Nazarow çagyrylan žurnalistlere parlament saýlawlarynyň guralyşy barada giňişleýin we jikme-jik maglumat berdi, esasy pursatlary biz aýratyn söhbetdeşlikde jemledik:
— Uktam Azzamkulowiç, ilki bilen, Sizi Özbegistanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde täze wezipäňiz bilen gutlamaga rugsat ediň we Size hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki dostlukly halkyň gülläp ösmegi ugrunda işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.
— Hoşniýetli sözleriňiz üçin köp sag boluň. Meni gutlan ilkinji žurnalist bolduňyz – ORIENT, hemişeki ýaly hemme zatda birinji bolmaga çalyşýar.
— 27-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlarda Özbegistanyň saýlaw ulgamynda haýsy esasy üýtgeşmeleri göreris?

— Bu saýlawlarda ilkinji gezek garyşyk mažoritar-proporsional ulgam ulanylar. Saýlawçylara belli bir dalaşgäre ses bermäge mümkinçilik berjek mažoritar ulgam boýunça 75 deputat saýlanar, galan 75-si syýasy partiýalara ses bermek bilen proporsional ulgamda saýlanar. Bu has açyk we bäsdeşlige ukyply syýasy ulgama tarap möhüm ädimdir.
— Saýlaw işiniň sanlaşdyrylmagy saýlawlara nähili täsir eder?
— Biz saýlaw toparlarynyň syýasy partiýalar, dalaşgärler we synçylar bilen özara baglanşygyny doly awtomatlaşdyrýan “E-saylov” maglumat ulgamyny hödürleýäris. Bu býurokratiýany peseldýär we amallary ýönekeýleşdirýär. Şeýle hem, raýatlar bu ulgam arkaly saýlaw barada maglumatlaryny alyp bilerler.
— Uktam Azzamkulowiç, täzelenen kanunda dalaşgärlere nähili täze talaplar girizildi?
— Esasy täzelikleriň biri – zenanlaryň hökmany wekilçiligi: hödürlenen dalaşgärleriň sanynyň azyndan 40% -i. Bu olaryň parlamentdäki ornuny ep-esli ýokarlandyrar we has deňagramly wekilçiligi üpjün eder.

— Saýlawlara raýatlaryň we halkara synçylaryň nähilli derejede gatnaşmagyna garaşylýar?
— Biz 30 müňden gowrak dalaşgäriň we olaryň 90 müň sany ynanylan wekiliniň işjeň gatnaşmagyna garaşýarys. Şeýle hem, müňden gowrak halkara synçylaryň şol sanda 50 ýurduň we 21 halkara guramanyň wekillerini saýlawlara gatnaşar. Bu Özbegistanda geçirilen demokratik özgertmelere ýokary gyzyklanmany görkezýär.
Synçylary akkreditirlemek etmek isleýän daşary ýurtlar we halkara guramalary öz ýurtlarynda “E-Saylov” maglumat ulgamyna girip, belli bir nusgadaky maglumatlary elektron görnüşinde girizip we seretmek üçin ugradyp bilerler.
Akkreditlenen daşary ýurtly synçylar üçin mandatlaryň taýýar nusgalary bu ulgamyň üsti bilen awtomatiki usulda döredilýär.

— Deputatlaryň saýlawlaryna haýsy syýasy partiýalar gatnaşar?
Deputatlyga dalaşgärler bäş sany partiýadan hödürlendi. Olar: Telekeçileriň we işewür adamlaryň hereketi – Özbegistanyň Liberal Demokratik partiýasy, Özbegistanyň “Milliý Tiklaniş” Demokratik partiýasy, Özbegistanyň Ekologiýa partiýasy, Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasy; “Adolat” Sosial-demokratik partiýasy.
— Daşary ýurtlardaky raýatlaryna geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin nähili mümkinçilikler dörediler?
“Biz raýatlara watanyndan uzakda bolsa-da ses berip biler ýaly 39 ýurtda saýlaw uçastoklaryny döretdik. “Saylov.mfa.uz” web sahypasyny ulanyp, saýlawçylaryň sanawyna goşulmak üçin ýüz tutup bilerler we konsullykda bellige alynmazdan saýlaw uçastoklaryny üýtgedip bilerler. Mundan başga-da, goşmaça amatlylyk hökmünde raýatlar bu ulgam arkaly saýlanan saýlaw uçastoklaryny eksterritorial esasda üýtgedip bilerler.
— Uktam Azzamkulowiç, Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasynda geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanda ýaşaýan Özbegistanyň raýatlary nirede ses berip biler?
— Wagtlaýynça Türkmenistanda ýaşaýan Özbegistanyň raýatlary, irden 8:00-dan 20:00-a çenli ses berip bilerler: 17-nji oktýabrda Daşoguz şäherinde Daşoguz myhmanhanasynda; Türkmenabat şäherinde 19-njy oktýabrda “Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda; 27-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 50 “A” salgysynda ýerleşýän Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda saýlawlar guralar.
Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda Özbegistanyň raýatlarynyň döwürleýin işleýän birnäçe desgasy bar – häzir ol ýerlerde saýlawlary guramak meselesi tassyklama tapgyrynda.
— Ilçihananyň işgärleri çet ýerlerdäki saýlawlarynyň gidişine gözegçilik edermi?
— Çet ýerlerdäki boljak saýlawa düzüminde birnäçe diplomatdan ybarat topara men ýolbaşçylyk ederin.

— Bu saýlawlardan ýurtdaky demokratik üýtgeşmeler nudaýnazaryndan nämeler garaşýar?
— Biz bu saýlawlaryň parlamentarizmi we jemgyýetimiziň açyklygyny berkidmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýarys. Halkara jemgyýetçiligi biziň edýän tagallalarymyza ýokary baha berýär we geljekde konstruktiw hyzmatdaşlyga ynam bilen garaşýarys.
— Uktam Azzamkulowiç, dostlukly özbek halkyna saýlawlaryň üstünlikli bolmagyny arzuw edýärin we täze wezipä bellenilmegiňiz bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn.
— Sag boluň.
Бекдурды АМАНСАРЫЕВ







