Nýu-Ýorkda “C5+1” görnüşindäki ministrleriň duşuşygy we türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi


27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde “C5+1” görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda ýokarda ady agzalan görnüşiň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
R.Meredow türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky garaýyşlary mälim edildi.
“C5+1” görnüşindäki duşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň strategiki ähmiýetli meseleleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi.
Amerikan tarapyna ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Uly Direktory Nikolas Berliner ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi Sara Minkara, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm müdiri Tom West, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm utgaşdyryjysy, Ilçi Elizabet Riçard we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.
Taraplar gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna garadylar. Hususan-da, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Energetika meselelerine hem aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky özara gatnaşyklarda toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň häzirki wagtda halkara energetika pudagyndaky halkara gatnaşyklaryny göz öňünde tutmak nukdaýnazaryndan garaýandyklary nygtaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine syn berildi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýan Türkmen-Amerikan işewürler geňeşiniň möhüm orny bellenildi.
Şeýle hem ABŞ-nyň hökümetiniň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäginde bilim, ylym we ynsanperwer ugurlardaky oňyn tejribe üns çekildi.
ORIENT news








