Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Brýusselde resmi kabul edişlik geçirildi


27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä 20-den gowrak ýurduň ilçileri, Brýusseliň diplomatik korpusynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň gurluşlary, Belgiýanyň Daşary işler ministrligi, şeýle hem analitik merkezleriniň, işewür toparlarynyň, habar beriş serişdeleriniň we medeni guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Çärä myhmanlary garşylamak bilen başlandy. Gatnaşan ýurtlara hormat goýmagyň nyşany hökmünde şeýle hem agşamky dabara äheň beren Türkmenistanyň, Belgiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň senalary ýaňlandy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini belläp, Belgiýa we ÝB bilen syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem, myhmanlary hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirenýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra çykyş etmek nobaty Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn meseleler boýunça baş müdiri Žeron Koremana berildi. Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we iki ýurduň hem parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan umumy gymmatlyklaryny belläp geçdi.

Agşamyň esasy pursatlaryndan biri medeni taslamanyň hödürlenmegi ýagny Türkmenistanyň Ilçihanasynyň goldawy bilen döredilen aýdym-sazly wideo şekiliniň görkezilişi boldy. Ýerli rep aýdymçysy Toni bilen ýazga geçirilen şekilli aýdym Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky medeni dialogy alamatlandyrdy we ýygnananlaryň hemmesinde oňyn seslenme döretdi.

Medeni alyş-çalyş ugrundaky çykyşlary dowam etdirip, Gollandiýanyň “Mengli Secrets” moda öýünden kiçi moda sergisi geçirildi. Bu sergide, türkmeniň baý medeni taryhyny we häzirki zaman moda bilen baglanyşygyny görkezýän adaty türkmen lybaslary bilen sazlaşan häzirki zaman dizaýnlary görkezildi.

Agşamyň aýdym-saz maksatnamasy öran baý boldy. Ýerli skripkaçy we kompozitor Annetta Homannyň çykyşy dabaranyň esasy wakasy boldy. Türkmenistanyň iň meşhur kompozitorlaryn biri Nury Halmamedowyň eserlerini düşündirişi, çuňlugyna we duýgulylygyna haýran galyp, tomaşaçylary türkmeniň aýdym-saz dünýäsine çümdürdi.

Şeýle hem agşamyň myhmanlary üçin türkmen sungat işgäri Ýazmyrat Garlyýew çykyş edip, mähirli we joşgunly äheňi döreden adaty we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Kabul edişlik myhmanlaryň arasynda resmi däl gürrüňdeşlik we türkmen aşhanasynyň adaty tagamlaryny dadyp görmek bilen tamamlandy. Myhmanlara agşamyň jemleýji wakasy bolan Türkmenistanyň aşpezlik mirasyndan lezzet almaga mümkinçilik berildi.

Brýusselde geçirilen dabara diňe bir Türkmenistanyň durmuşynda möhüm senäni bellemek bilen çäklenmän, Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda işjeň ösýän medeni we diplomatik gatnaşyklary hem görkezdi.

ORIENT news




