HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kipr, Yrak we Hindistan bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 29, 2024 | 01:10 |11277
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

27-nji sentýabrynda Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine baha berdiler, söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda, esasanam akademiki alyş-çalyş hem-de talyplary okatmak boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda we syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda degişli Ähtnamalary işläp-düzmäge, şeýle hem iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasyndaky söwda-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.

29092024-turkmenistana-s-kiprom-irakom-i-indiej (2).jpg

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Yrak Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ministrler “swap” usuly boýunça meýilleşdirilýän Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek babatynda giňişleýin pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn saparlary guramak we söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk barada maslahatlaşdylar.

29092024-turkmenistana-s-kiprom-irakom-i-indiej (3).jpg

Ministrler energetika hyzmatdaşlygy we iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm oruny we sebit üçin ähmiýeti bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026