HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda "U-Learning" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi

Sentýabr 21, 2024 | 21:39 |3055
19-21-nji sentýabr aralygynda TBM-niň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-nyň Şanhaý şäherinde geçirilen "Huawei" kompaniýasynyň "Connect-2024" sergisine gatnaşmak bilen onuň çäklerinde «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Ol ýerde ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.19-21-nji sentýabr aralygynda TBM-niň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-nyň Şanhaý şäherinde geçirilen "Huawei" kompaniýasynyň "Connect-2024" sergisine gatnaşmak bilen onuň çäklerinde «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Ol ýerde ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: iicmet.gov.tm

19-21-nji sentýabr aralygynda TBM-niň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-nyň Şanhaý şäherinde geçirilen "Huawei" kompaniýasynyň "Connect-2024" sergisine gatnaşmak bilen onuň çäklerinde «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Ol ýerde ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

A.Ataýew "Huawei" kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan "U-Learning" kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň ýolbaşçysy doktor J.Jin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanda bilim ulgamyny dolandyrmagyň intellektual ulgamlaryny ornaşdyrmagyň esasy meseleleri barada pikir alyşdy.

1

Gepleşikleriň dowamynda "U-Learning" kompaniýasy türkmen tarapyna "emeli aňy" bilim ulgamynda netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin "Akylly synp" ulgamyna elýeterliligi üpjün etmäge taýýardyklary barada teklip bilen ýüzlendi. Bu ulgamy ýurtda synagdan geçirmek döwri üçin 200 sany ulanyja giriş mümkinçiliginiň üpjün ediljekdigi aýdyldy. Synag döwründe türkmen mugallymlary okuw prosesinde, okuwyň mazmunyny düzmekde hem-de okuwçylaryň ýetişigini bahalandyrmakda "emeli aňyň" netijeli ulanylşyny giňişleýin öwrenip bilerler. Bu barada TBM-niň Innowasiýa maglumat merkezi habar berýär.

Bu ulgam sapaklaryň geçirilişiniň netijeliligine baha bermäge we mugallymlara synpda geçilýän sapaklary kämilleşdirmek boýunça anyk maslahatlary bermäge mümkinçilik döreder. Bulardan başga-da ulgamda okuwçylaryň bilim berlişiniň netijelerini gowulandyrmaga hem-de seljermeler esasynda okuw materiallaryny saýlap almak boýunça-da aýratyn maslahatlar berilýär. Bu ulgam häzir bütin dünýäde 1000-den gowrak bilim edaralarynda netijeli ulanylýar. Bu çözgütler emeli aň, uly göwrümli maglumatlar we bulut ýaly iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen 10 milliondan gowrak ulanyjylary öz içine alyp bilýär.

2

Ministriň orunbasary TBM-niň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen we täze işe girizilen "E-mekdep" platformasyny goşmak bilen milli işläp düzmeler, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işlerine reýting baha bermegiň onlaýn platformasy, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin seljerme geçirmegiň we hiline baha bermegiň ulgamy, ýokary bilimiň maglumat ulgamy we beýlekiler ýaly bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamlary bilen tanyşdyrdy.

Mundan başga-da, taraplar innowasion bilim tehnologiýalaryny işläp düzmek we ulanmak babatda tejribeleri alyşmak we olary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge we geljekki mümkinçilikleri içgin ara alyp maslahatlaşmak barada hem ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026