HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ Ilçisi Bolgariýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Sentýabr 18, 2024 | 23:30 |11765
Bolgariýada Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýew 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni Bolgariýanyñ Prezidentine Rumen Georgiýewe Radaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.Bolgariýada Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýew 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni Bolgariýanyñ Prezidentine Rumen Georgiýewe Radaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

Bolgariýada Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýew 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni Bolgariýanyñ Prezidentine Rumen Georgiýewe Radaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.

Bolgariýanyñ Baştutany türkmen diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oña işinde üstünlikleri arzuw etmek bilen Türkmenistanyñ we Bolgariýanyñ arasyndaky dostlukly we sylagly gatnaşyklary iki ýurduñ halklarynyñ bähbidine dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyñ Ilçisi öz gezeginde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we özara bähbitli gatnaşyklar däpleriniñ dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine Bolgariýanyñ Prezidentini ynandyrdy.

Söhbetdeşligiñ dowamynda ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyñ çäklerinde Türkmenistan bilen Bolgariýanyñ arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyny işjeñleşdirmäge hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan taýýarlyk barada bellenildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara komissiýasynyñ ähmiýetli orny barada nygtadyldy. Mundan başga-da medeni we ynsanperwer dialogynyñ giñeldilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyñ ahyrynda Bolgariýanyñ Prezidenti Radaýew Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag sözlerini ýollady diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026