HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE emeli aň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär: Ilçiniň TDU-nyň rektory bilen duşuşygy

Sentýabr 13, 2024 | 23:50 |12359
12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisi Ahmed Al Hameliniň rektor Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşygy geçirildi.12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisi Ahmed Al Hameliniň rektor Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: tdu.edu.tm

12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisi Ahmed Al Hameliniň rektor Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ylym we bilim ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Al Hameli BAE-niň emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen ösüş babatynda Türkmenistan bilen tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada belläp geçdi diýlip, ýokary okuw mekdebiniň web saýtynda habar berilýär.

Rektor Öwezsähedow ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça teklibi hem-de uniwersitetiň okuw maksatnamalaryna emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny goldady.

Iki tarap esasan hem, innowasion tehnologiýalar we bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin öz Hökümetlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026