HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Bişkek üstaşyr geçelgeler, bilelikdäki gaznanyň döredilmegi hem-de nebit önümleriniň eksporty boýunça maslahatlaşmalary geçirdiler

Sentýabr 13, 2024 | 21:30 |12321
Gazagystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Nazarbek Malaýew 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy.Gazagystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Nazarbek Malaýew 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Gazagystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Nazarbek Malaýew 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň çäginde ol Türkmenistanyň birnäçe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy – Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragtanşyk agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow, Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we başgalar bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleler, şol sanda söwda, energetika, senagat, maýa goýum, ulag ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşdy.

Taraplar söwda we üstaşyr geçelgeleri babatda işi ýeňilleşdirmegiň, söwda aýlanyşygyny ýokarlandyrmagyň we ýük daşaýjylar üçin üstaşyr geçelgeleriniň oňaýly şertleriň döredilemginiň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Ýokary wezipeli adamlar ulag, üstaşyr, wiza toplamalaryny bir nusga getirmek boýunça gurallaryň ornaşdyrylmagy, eksport, import we üstaşyr operasiýalarynyň işiniň ýeňilleşdirilmegi, ýük daşaýjylar üçin 1 ýyla çenli möhleti uzaldylan wizalary almak mkasady bilen pudaklaýyn edaralarynyň we ministrlikleriniň gatnaşmagynda onlaýn mejlisini geçirmeklik barada ylalaşdylar.

Bileikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işewrüligi çekmek maksady bilen Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bilelikdäki Maýa goýum ösüş gaznasyny döretmek boýunça işi çaltlaşdyrmak hem-de Gyrgyzystanyň çäginde “Türkmenistan” Işewürlik merkeziniň we kurort we saglygy dikeldiş desgalarynyň gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada ylalaşdylar.

Şeýle-de Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasynyň we nebit önümleriniň eksport meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 11-nji sentýbarda Maýa goýum maslahatynyň çäklerinde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň baş direktory Serdar Owwadow bilen “Gyrgyzpoçtasy” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň arasynda onlaýn-duşuşygy geçirilip, netijede ýurtlar uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşdyrlar.

Bu Ylalaşygyň maksady poçta ugradyşlarynyň logistikasy hem-de elektron söwdanyň durmukly gatnaşyklaryny ýola goýulmagyndan ybarat. Taraplaryň pikirine görä, bu Ylalaşyk elektron söwdanyň, tejribe we tehnologiýalaryň ösdürilmegi üçin täze müminçilikleri açyp, geljekde ykdysady we durmuş infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026