HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilim ulgamyny kämilleşdirmekde birnäçe halkara ylmy çärelerine badalga berýär

Sentýabr 13, 2024 | 23:57 |13054
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli ylmy çäreleriň geçirilmegi barada habar berdi.Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli ylmy çäreleriň geçirilmegi barada habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli ylmy çäreleriň geçirilmegi barada habar berdi.

Esasy çäreleriň içinde:

16-17-nji oktýabr aralygynda – Türkmen oba hojalyk institutynda onlaýn görnüşinde geçiriljek “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi;

1-nji noýabr – Türkmen döwlet maliýe institutynda “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” atly Açyk halkara internet-ders bäsleşigi;

6-njy noýabr – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

13-nji noýabr – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly halkara maslahaty;

15-nji noýabr – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Maliýe” boýunça Açyk halkara internet-ders bäsleşigi;

29-njy noýabr – “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

18-20-nji noýabr aralygynda – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Filosofiýa” hem-de 21-23-nji noýabr aralygynda – “Ykdysadyýet” boýunça halkara internet-ders bäsleşikleri;

20-nji noýabr – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwerstitetinde “Biologiýa” boýunça III Halkara internet-ders bäsleşigi;

25-30-njy noýabr aralygynda – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýa” boýunça III Halkara ders bäsleşigi.

Bu çärelere Russiýanyň, ABŞ-niň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň, BAE-nyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýeniň, Belarusyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň we alymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri medal we degişli diplomlar bilen sylaglanylar.

Geçirilýän ylmy ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegine hem-de ykdysadyýetiň çalt depginde ösdürilýän pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026