Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi iş sapary bilen "Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bardy

Sentýabr 13, 2024 | 18:22 |7632
12-nji sentýabrda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar.12-nji sentýabrda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Çeşme: “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan berildi

12-nji sentýabrda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Myhmanlar hususanda, zawodda gurulýan 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyna syn etdiler. Myhmanlar “Balkan” zawodynda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary we tehniklary aýratyn belläp, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar.

Bu saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýanyň wekilleri hem-de gatnaşdylar.

Maslahat Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Jenap Ji Gyu Taek tarapyndan gutlag sözi bilen başlandy. Ol öz gezeginde Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda, hususan-da gämi gurluşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy belläp, bu babatda gelejekde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Maslahatyň barşynda türkmen-koreý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini bellenip geçilip, öňde goýlan taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy pudagynda, ýagny, gurulmagy meýilleşdirilýän iki sany gury ýük gämisini gurmaklykda amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaldy.

Maslata gatnaşanlar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi pudagynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada hem-de, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde gazanylan üstünlikler barada tanyşdyryş prezentasiýasy bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine taraplaryň türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026