HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Wengriýanyň täze ilçisi resmi ýagdaýda öz işine başlady

Sentýabr 12, 2024 | 23:10 |12796
12-nji sentýabr, penşenbe güni Wengriýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.12-nji sentýabr, penşenbe güni Wengriýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Çeşme: mejlis.gov.tm/mfa.gov.tm

12-nji sentýabr, penşenbe güni Wengriýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.

Milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomaty bu wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdygy barada belledi. Ýožef Roža Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de türkmen Parlamentiniň alyp barýan işi baradaky maglumatlary guzyklanma bilen diňledi.

Taraplar milli kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin tejribe alyşmakda uly mümkinçilikleriň bardygy hem-de Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňelmek meseleleri barada belläp geçdiler.

12092024-posol-vengrii-v-turkmenistane (2).jpg

Şu gün Wengriýanyň täze ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Daşkent ş.) Türkmenistanyň DIM-nde hem kabul edildi. Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ilçini onuň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda türkmen tarapynyň goldaw we hemaýat bermäge taýýardygynda ynandyrdy.

12092024-posol-vengrii-v-turkmenistane (1).jpg

Söhbetdeşler esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Däbe öwrülen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde yzygider geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýetli orny barada bellenilip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler edildi diýip, DIM-niň habarlar gullugy belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026