HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşýar

Sentýabr 12, 2024 | 12:27 |8317
Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Çeşme: tstb.gov.tm

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri forumyň plenar mejlisiniň dowamynda sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen onuň düzümine täzeçil usullary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek babatynda giňişleýin çykyş etdiler.

Şeýle hem, forumyň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri bilen dünýäniň ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, işewürleri we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Gyrgyz poçtasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga hem-de «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti bilen «European networks OÜ» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek barada ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň wekilleri bilen foruma gatnaşýan dünýäniň öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda maglumat we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.

Bu forum halkara maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli, ýokary derejeli çäreleriň biri bolup, telekommunikasiýa pudagynyň wekillerine innowasiýa we ýokary tehnologiýa ugurlary boýunça tejribe we täze pikirler alyşmaga ýardam berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026