HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýardam bermekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Sentýabr 11, 2024 | 10:19 |8342
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berişi ýaly, Türkmen tarapyndan duşuşyga bilim ministriň orunbasary, halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy, şeýle hem umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bolan çagalaryň inklýuziw bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sosial goldaw we olary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meselelere üns çekdiler.

BMG-nyň Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýasynyň (CRPD) durmuşa geçirilişine, şeýle hem global “C5” maksatnamasynyň çäginde tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berildi. Bu başlangyçlar, ähli raýatlaryň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün edýän inklýusiw syýasaty işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Bilim ministrliginiň wekilleri ýokary hilli inklýuziw bilim we sosial integrasiýa meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp geçdiler. Döwletimizde mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň ýokary hilli bilim almaklaryna şeýle hem olaryň iş bilen üpjün edilmegi üçin birnäçe şertler döredilýär.

Mundan başga-da, jemgyýetiň ähli ugurlarynda kämillik derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etjek maksatnamalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen halkara guramalary bilen geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar tejribe alyşmagy dowam etdirmek we mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara goldaw bermek şeýle-de ýurduň sosial, bilim we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, ýurdumyzda aýratyn bilim zerurlygy bolan çagalara goldaw bermek üçin dürli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda özbaşdak okuw mümkinçilikleri we döwlet tarapyndan kömek pullary görnüşinde goldaw berilýändigi bellenildi. Bu goldawlar, mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň doly ösmegi we Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasatynyň esasy bölegi bolan jemgyýete üstünlikli goşulyşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi raýatlar üçin deň mümkinçilikleri döredip bilýän inklýuziw jemgyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny aýdyp, täsirli geçen gepleşik üçin minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026