HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Malaýziýanyñ Daşary işler ministri Aşgabada resmi sapar bilen geldi

Sentýabr 10, 2024 | 00:05 |12031
9-njy sentýabr, duşenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow öz ýurdunyñ wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Aşgabatda resmi saparda bolýan Malaýziýanyñ Daşary işler ministri Mohamad Hasan bilen duşuşdy.9-njy sentýabr, duşenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow öz ýurdunyñ wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Aşgabatda resmi saparda bolýan Malaýziýanyñ Daşary işler ministri Mohamad Hasan bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

9-njy sentýabr, duşenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow öz ýurdunyñ wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Aşgabatda resmi saparda bolýan Malaýziýanyñ Daşary işler ministri Mohamad Hasan bilen duşuşdy.

"Taraplar özara hormat goýmak we özara bähbitli ýörelgelerine esaslanýan uzak ýyllap dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik ugrundan, şol sanda BMG, YHG ýaly halkara guramalarynyñ çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine hem garaldy" - diýip, türkmen DIM-niñ habarlar gullugynda aýdylýar.

Şeýle-de habarda diplomatlaryñ sebit we halkara gün tertibindäki birnäçe ugurlar boýunça garaýyşlarynyñ gabat gelýändigi barada bellenilýär.

Duşuşygyñ dowamynda ministrler söwda-ykdysady, ylym, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

10092024-ministr-inostrannyh-del-malajzii-poseshchaet-ashhabad (1).jpg

Malaýziýanyñ Daşary işler ministri iki ýurduñ arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen 9-10-njy sentýabr aralygynda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrýar. Saparyñ çäklerinde ministriñ ýokary derejede kabul ediljegine garaşylýar diýip, Malaýziýanyñ DIM-niñ habarlar gullugy habar berýär. Mohamad Hasanyñ saparynyñ öňüsyrasynda 9-njy sentýabrda Aşgabatda Malaýziýanyñ we Türkmenistanyñ arasynda ýokary wezipeli wekilleriniñ derejesindäki bäşinji ikitaraplaýyn syýasy geñeşmeleri geçirildi.

Malaýziýanyñ DIM-niñ berÿän maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Malaýziýanyñ söwda hyzmatdaşlarynyñ arasynda Türkmenistan dördünji orny eýeläp, söwdanyñ jemi möçberi 10,57 mln amerikan dollara barabar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026