HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty öz işine başlady

Sentýabr 10, 2024 | 09:42 |13108
Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Maslahat Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde öz garaýyşlaryny beýan etmek üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekillerini, tanymal bilermenleri we pudaklaýyn liderleri bir ara jemledi.

1

2

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara gutlag sözi bilen wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlendi. Öz çykyşynda ol ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk ösdürilmeginde hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda geçirilýän çäräniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.

Çäräniň maksatnamasyna sanly geçişden we innowasiýalardan başlap durnukly ösüş we infrastruktura taslamlaryna çenli dürli ugurlar boýunça mowzuklaýyn bölümçelerde çekişmeler we tanyşdyrma görkezilişleri girizilen.

Gatnaşyjylar iki günüň dowamynda Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda täzeden dilkeldilýän energiýa çeşmeleri we tebigy baýlyklaryň durnukly ulanylmagyny; ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, şol sanda täze gara ýollaryň, demir ýollaryň we portlaryň gurulmagy hem-de logistika aragatnaşyklarynyň gowulnadyrmagy ýaly meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

3

Maslahata gatnaşyjylar oba hojalygynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we azyk howpsuzlygyň üpjün edilmegine; maliýe pudagynyň özgerdilmegine, daşary ýurt banklaryň çekilmegine we maýa goýum ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ähmiýet bererler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026