HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy ulanmak barada ylalaşyga gol çekmek kararyna geldiler

Sentýabr 06, 2024 | 12:44 |9278
Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy (EA) ulanmak baradaky ilkinji halkara ylalaşygyna gol çekerler diýip, iňlis we halkara işewür gündelik “Financial Times” gazeti habar berdi.Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy (EA) ulanmak baradaky ilkinji halkara ylalaşygyna gol çekerler diýip, iňlis we halkara işewür gündelik “Financial Times” gazeti habar berdi.
Çeşme: armenpress.am

Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy (EA) ulanmak baradaky ilkinji halkara ylalaşygyna gol çekerler diýip, iňlis we halkara işewür gündelik “Financial Times” gazeti habar berdi.

Resminamanyň hökmany ýuridiki taýdan güýji bolar.

Bu resminama Kanada, Ysraýyl, Ýaponiýa we Awstraliýa ýaly 50-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen Ýewropa Geňeşiniň resminamasydyr. Ony kabul etmegiň zerurlygy çalt ösýän EA programma üpjünçiligine gözegçilik etmek üçin hökümetler tarapyndan işlenip düzülen täze düzgünleriň, borçnamalaryň we şertnamalaryň köpüsi bilen baglanyşykly.

Bularyň arasynda Ýewropada emeli aň hakyndaky kanuny (2024) we geçen ýylyň oktýabr aýynda ylalaşylan “Uly ýediligiň” (G7) ýurtlarynyň şertnamasy bar.

Ylalaşyga gol çeken tarapalaryň hemmesi emeli aň ulgamlaryndaky zyýanly ýa-da hukuklary kemsidiji mazmun üçin jogapkärçilik çekerler. Resminama deňligi we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini bozýan materiallaryň peýda bolmagyny gadagan edýär.

Beýik Britaniýanyň Ylym, innowasiýa we tehnologiýa ministri Piter Kaýl bu ädimiň innowasiýa we emeli anyň dünýäde çalt ösýändigi sebäpli aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem ol munuň bu ugurdaky hakyky çäreleri üpjün edýän we dürli ýurtlary birleşdirýän dünýäde ilkinji resminama bolup durýandygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň Ýewropa gymmatlyklary we aç-açanlygy boýunça orunbasary Wera Ýurowa köp sanly halkara hyzmatdaşlaryň ylalaşyga gol çekmäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026