Bilermenleriň Duşenbedäki maslahatynyň nazaryndan Merkezi Aziýanyň geosyýasy landşaftyna garaýyş


Ýakyn günlerde Täjigistanda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna bagyşlanan alymlaryň we bilermenleriň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Häzirki zaman dünýäsinde döwletiň, jemgyýetiň, şahsyýetiň goraglylygy babatyndaky köpsanly meseleler ýönekeý düşünje bolman, millionlarça adamlaryň gündelik duş gelýän meseleleridir.
Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy ýiti meseleleriň biri bolup durýar. Muňa bolsa howpsuzlyk we onuň bilen bagly beýleki soraglara bagyşlanylyp, halkara maslahatlaryň yzygider geçirilmegi şaýatlyk edýär. Duşenbe duşuşygy bolsa şeýle ähmiýetli çäreleriň biridir.
Döwletiň howpsuzlygy, köp adamlaryň pikirine görä, terrorçylykdan, ekstremizmden, geosyýasy bäsdeşlikden goraglylyk derejesine baglydyr. Emma bu mesele (düşünsek, düşünmesek) toplumlaýyn mesele bolup, ol beýleki birnäçe ählumumy prosessler bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda howanyň üýtgemegi, tehnologiýa özgerişleri ýaly prosessler bardyr. Bu esasy meselelerden bolsa kiber hüjümleri we beýleki maglumat howplary ulanmagyň usullary we serişdeleri ýaly goşmaça meseleler ýüze çykýar.
Bu mesele toplumlaýyn çözülmelidir. Eger-de ozal bilermenler mejlisiniň üns merkezinde aýry howplara garşy göreşmek bolan bolsa, indi howpsuzlygyň uzakmöhletleýin arhitekturasyny toplumlaýyn döretmek synanyşmalara aýratyn ähmiýet berilýär.
Täjigistanyň paýtagtynda ýygnanyşan hünärmenler bütin günüň dowamynda Merkezi Aziýa sebitini has durnukly we goragly ýagdaýa getirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, bu soraga ikitaraplaýyn – syýasy we goraglylyk, hem-de ekologiýa we ykdysady nazaryndan garadylar. Dürli mowzuklar barada gürrüň edildi: terrorçylyga garşy göreş, tebigy baýlyklaryň bilelikdäki ulanylyşy, häzirki wagtda çözülmegini talap edýän meseleler hem-de durnukly ösüşi gazanmak üçin zerurly bolan uzakmöhletleýin maksatnamalara seredildi.
Şeýle çemeleşme häzirki we ozal geçirilen maslahatlara gatnaşyjylara häzirki zaman meselelerini hem-de öňüni alyş çärelerini geçirmekde çaklanylýan howplary derňemäge mümkinçilik berdi.
Şeýle maslahatlaryň dowamynda bütin dünýä üçin möhüm meselelere, ýagny neşe serişdeleriniň trafikleri, serhetüsti jenaýat işleri netijesinde döreýän meselelere hem-de sebitiň tebigy howa şertleriniň özboluşlylygyny hasaba almak bilen energiýa howpsuzlygy we suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
“Howpsuzlyk çägi” we “hyzmatdaşlyk” diýlen düşünjelerini öz içine alýan dürli adalgalar we söz düzümler Merkezi Aziýanyň gün tertibinde ýygy-ýygydan ulanylyp başlap, bir tarapdan daşary goşulyşmaklykdan we içki gapma-garşylyklardan azat, beýleki tarapdan – hoşniýetli goňşuçylyk dialogyny kemala getirmek giňişligini döretmeklige bolan döwletleriň ymtylyşlaryny açyp görkezýär.
Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti, professor Kobiljon Hoşwahtzoda sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak häzirki zaman howplara garşy üstünlikli göreşmek üçin esasy faktor bolup durýandygy barada belläp, bilermenler duşuşygynyň mowzugyna laýyk gelýän ugry kesgitledi.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda Duşenbe maslahatyna gatnaşyjylar sebit we ählumumy howplara garşy göreşmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny ýene bir gezek tassykladylar.
Bu tassyklamada bolsa syýasy gedemlik ýokdur, sebäbi bir döwletiň durnuklylygy (edil durnuksyzlygy ýaly) goňşy döwletleriň ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär, geostrategiki ýagdaýyny göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň goraglylygy bolsa, ählumumy derejedäki howpsuzlygyň faktorlarynyň biridir.
Howanyň üýtgemeginiň hakyky şertlerinde has möhüm bolan suw serişdelerini dolandyrmak meselesi maslahatyň işiniň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şeýlelikde, taryh ylymlarynyň doktory, Russiýa-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň professory, Geosyýasy barlag merkeziniň direktory Guzel Maýtdinowa Amyderýanyň suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyk üçin bar bolan hukuk binýadyna üns bermek bilen, suw we serhet meseleleriniň täze özara çözgütlerini işlemek üçin serhetüsti Amyderýa sebitinde ýerleşen döwletler Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan, Owganystan, şol sanda Gazagystan formatynda täze sebitleýin gepleşiklerini geçirmek zerurdygyny hasap edýär.
Maslahata gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň ýörite gulluklarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň hem-de jemgyýetiň, esasan hem, ýaşlaryň radikallaşmagyna garşy göreşmegiň bilelikdäki maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň zerurlygy baradaky pikirleri gabat geldi.
Maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri energiýa howpsuzlygy boldy. Bilermenler energiýa üpjünçiliginiň çeşmeleriniň diwersifikasiýasy we sebitleýin energiýa taslamalarynyň ösdürilmegi ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de daşky hadysalardan baglylygy peseltmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Merkezi Aziýada howpsuzlyk meselelerini üstünlikli çözülmegi daşky gatnaşyjylara baglylygyny göz öňünde tutup, çykyşlarda ähli gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty geçirmek möhümdigine aýratyn üns berildi.
Hususan-da, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň Ileri tutulýan halkara barlag institutynyň ylmy işgäri Nargiza Umarowa “Özbegistanyň hökümeti Owganystana mümkinçilikleriň ýurdy hökmünde garaýandygyny hem-de onuň Merkezi Aziýa degişliligini aýratyn nygtap, Owganystanyň sebit ykdysady prosesslerine giňden goşulyşmagy üçin çykyş edýändigini” belledi.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglaryň ylmy merkeziniň wekilleri Döwletmyrat Mämedow we Ozamuhammet Annabaýew Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji we altynjy Konsultatiw duşuşyklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülen başlangyçlarynyň esasynda birnäçe teklipleri hödürlediler.
Şeýlelik bilen, Duşenbede geçirilen Bilermenler maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlary öz döwletleriniň toplumlaýyn goraglylygynda toparlaýyn tagallalarynyň möhümdigine doly düşünýändigini görkezdi.
“Häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegi” atly Halkara maslahatynyň gurnaýjylary hökmünde Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň meselelerini öwrenmegiň Instituty bilen bilelikde Konrad Adenauer adyndaky Gaznasy we “Ýüpek ýoly – jebisleşme ýoly” Milli Gaznasy çykyş etdiler.
Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Sebit maksatnamasy Merkezi Aziýada howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugatalandyrmakda esasy orun tutýar. Gazna ykdysady ösüş, demokratiýalaşmak, ýaşlar syýasaty, raýat jemgyýetçiligi babatda taslamalary giňden goldamak bilen meşgullanýar. Bu maksatnamalar bilermenler jemgyýetiniň kemala gelmegine, dürli syýasy güýçleriniň wekilleriniň arasynda dialogyň pugtalandyrylmagyna, raýat jemgyýetiniň ösmegine ýardam etmeklige gönükdirilendir.
Duşenbede geçirilen maslahatyň Merkezi Aziýada geosyýasy ösüşini açyp görkezýän waka bolandyr diýip aýdyp bolmaýar. Emma ol sebitiň ähli ýurtlarynyň umumy maksada ýetmek ýolundaky çözgütleriniň alynmagyndaky yzygiderliligini tassyklaýan möhüm çäreleriň biri bolup, ýurtlaryň talabalaýyk ugrukdyrylan hyzmatdaşlygy arkaly durnuklylygy we ösüşi berkitmekdäki esasy ugurlaryny kesgitledi.
Munuň bilen birlikde, ähli gatnaşyjylar uzakmöhletleýin netijeleri gazanmak üçin diňe bir dialogy dowam etmek we ynanyşmagy berkitmek däl-de, eýsem alynan netijeleri durmuşa geçirmek üçin anyk ädimleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna düşünýärler.
Howpsuzlyk bu diňe garşylykly çaknyşyklaryň we halkara jenaýat işleriniň ýoklugy däl-de, eýsem bu ykdysady we adam ösüşiniň üpjün edilmegi, durnuklylyk we jemgyýetiň agzybirliginiň pugtalandyrylmagydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baý tebigy baýlyklary, ösýän ykdysadyýeti, iş kuwwaty we ýaşlaryň ilat sanynyň köpelmegi sebitiň halklarynyň gülläp ösüşi üçin oňaýly şertleri döredýär.
Umumy jemlemeden soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň garamagyna geçiriljek Duşenbe maslahatynyň dowamynda öňe sürülen teklipler ýakyn goşulyşmagyna bolan ymtylyşlarda birligiň hem-de Merkezi Aziýada umumy howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk çäginiň döredilmeginiň subutnamasydyr.
Bilermenler maslahatlaryň we beýleki forumlaryň geçirilmegi sebitiň ynanyşmak derejesiniň Merkezi Aziýanyň garaşsyz ýurtlarynyň milli derejede we halkara arenalarda mümkin bolan özbaşdak ýagdaýda çykyş etmek mümkinçiligi gazanylýança dowam etdiriler.
Бекдурды АМАНСАРЫЕВ








