HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Daewoo E&C” kompaniýasynyň başlygy Türkmenistanyň iri taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi

Sentýabr 05, 2024 | 22:20 |13851
Türkmen wekiliýetiniň ýokary wezipeli agzalary World Smart City Expo 2024 akylly şäherleriň Bütindünýä sergisiniň çäklerinde “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.Türkmen wekiliýetiniň ýokary wezipeli agzalary World Smart City Expo 2024 akylly şäherleriň Bütindünýä sergisiniň çäklerinde “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.
Çeşme: Daewoo E&C

Türkmen wekiliýetiniň ýokary wezipeli agzalary World Smart City Expo 2024 akylly şäherleriň Bütindünýä sergisiniň çäklerinde “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdirliginiň başlygy Rahymberdi Jepbarow çarşenbe güni “Daewoo E&C” kompaniýasynyň Prezidenti Pek Çžun-wan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da duşuşyga Günörta Koreýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew we türkmen wekiliýetiniň beýleki agzalary gatnaşdy.

Koreýaly kompaniýasynyň habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, Pek Çžun-wan “Daewoo E&C” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dökün öndürýän zawodlarynyň ikisiniň gurluşyk taslamalaryna uly gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de ol kompaniýanyň täze şäherleriň we köpsanly köpgatly binalaryň gurluşygyny üstünlikli tamamalandygy barada aýratyn belläp, öňdebaryjy tehnologiýalara we tejribä baý “Daewoo E&C” kompaniýasynyň geljekde hem Türkmenistanda iri binalaryň gurluşyk işlerine gatnaşmagyna ynam bildirdi.

Derýageldi Orazow geljekki hyzmatdaşlygyň pozitiw ýagdaýyny, şeýle-de taraplaryň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti barada belläp, “Daewoo E&C” we Türkmenistanyň arasyndaky bar bolan we geljekki taslamalarynyň oňyn mümkinçilikleri barada nygtap geçdi.

“Daewoo E&C” kompaniýasynyň resmi wekili Business Korea neşiri üçin Türkmenistanyň strategiki ähmiýeti barada şeýle diýdi: “Türkmenistan infrastruktura taslamalary we täze şäher gurluşyk taslamalary arkaly ykdysady ösüşe işjeň maýa goýum geçirýän Merkezi Aziýanyň görnükli we serişdelere baý döwleti hasaplanylýar. “Daewoo E&C” kompaniýasynyň örän oňat işewürlik bäsdeşlige ukyplylygyna we gurluşyk tehnologiýalaryna esaslanyp, biz Türkmenistanyň bazaryny özleşdirmek üçin ähli tagallalary ederis” – diýip, aýtdy.

“Daewoo E&C” – Günorta Koreýanyň iri gurluşyk we inženerçilik kompaniýasy bolup, ol öz öňdebaryjy tehnologiýalaryny we uly tejribesini ulanmak bilen bütin dünýäde üstünlikli taslamalary durmuşa geçirdi. Kompaniýanyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy infrastruktura we şäher ösüşine işjeň maýa goýum edýän serişdelere baý sebitler bilen hyzmtdaşlygy giňeltmek strategiýasyna doly gabat gelýär.

Tebigy gazyň baý gorlary bilen tanalýan Türkmenistan infrastruktura hem-de Arkadag şäheri ýaly täze şäherleriň gurluşygyna möhüm maýa goýum geçirmek arkaly ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna üns berýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň häzirki zaman durnukly şäher giňişlikleriniň döredilmegine gönükdirilen has giň ykdysady meýilleriniň esasy bölegidir.

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda “Daewoo E&C” kompaniýasynyň bölümçesi açylyp, onuň kömegi bilen koreýaly kompaniýa Merkezi Aziýa bazaryna çykmakçy.

“Daewoo E&C” Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawodunyň we Türkmenabatda fosfat dökünlerini öndürýän zawodunyň gurluşyk işlerine salgytlary almagy umyt edýär. Mundan başga-da, kompaniýa täze Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga öz taýýarlylygyny bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026