HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy

Sentýabr 05, 2024 | 11:43 |9173
Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.
Çeşme: instagram.com/undp_turkmenistan

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer.

Bilermenlerden tälim almaklary olara pikirleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi we hünär we şahsy ösüş ugrundaky maksatlara ýetmek üçin güýçli itergi berer.

Gysgaça aýdylanda, ýaş nesle üstünlik ýolunda kömek etmek üçin meýdança döredildi.

Onlaýn halypalyk meýdançasy 2024-nji ýylyň dekabryna çenli elýeterlidir. Onuň has işjeň ulanyjylary BMG Ösüş Maksatnamasyndan şahadatnama alarlar.

Halypalyk okuwy telekeçiligi ýa-da islendik endigi ösdürmek maksatly okuwdyr. Bu usul dünýäde giňden ýaýrandyr.

Esasy kynçylyk halypany saýlamakdyr. Halypa diyip, öz bilimini öwredýän we ösmäge kömek berýän ýokary derjeli hünärmene aýdylýar. Onuň ugruna gaty gowy düşünmegi we bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagy möhümdir. Dogry gurnalan halypaçylyk ulgamy – bu halypanyň diňe ýol görkezmegi we okuwçy maslahatlara eýerip özbaşdak çözgüt tapmagydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026