HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi

Sentýabr 04, 2024 | 23:05 |2921
3-nji sentýabrda Stokgolmda DIM derejesindäki türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdiler.3-nji sentýabrda Stokgolmda DIM derejesindäki türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

3-nji sentýabrda Stokgolmda DIM derejesindäki türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki wagt ýagdaýy we olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, ulag we energetika mowzuklaryny öz içine alýan ählumumy we sebit gün tertibi boýunça pikirler alşyldy.

Diplomatlar BMG, ÝHHG, ÝB ýaly halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdiler. Türkmen wekiliýeti Türkmenistan tarapyndan gurnalýan halkara çärelerine şwed tarapyny gatnaşmaga çagyryp, ýokary derejedäki duşuşyklar üçin abraýly dünýä meýdançalarynyň ulanylmagyny teklip etdi diýip, türkmen DIM-niň habarlar gullugynda habar berilýär.

“Ýerwopa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hem-de bu hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini öwrenmek meselesinde iki tarabyň pikirleri gabat geldi” – diýip, habarlarda aýdylýar.

04092029-v-stokgolme-proshli-turkmeno-shvedskie-politicheskie-konsultacii (2).jpg

Şol gün özünde türkmen wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynyň Riksdagynda (Mejlisinde) Merkezi Aziýa üçin Dostluk toparynyň başlygy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň şwed wekiliýetiniň başlygy Býorn Sýoder bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar oktýabrda iki ýurduň dsotluk toparlarynyň onlaýn duşuşygyny geçirip, ikitaraplaýyn medeniýet günlerini gurnamak meselelerini işläp taýýarlamakda ylalaşyga geldiler.

04092029-v-stokgolme-proshli-turkmeno-shvedskie-politicheskie-konsultacii (3).jpg

4-nji sentýbarda türkmen wekiliýeti Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewroatlantik işleri we howpsuzlyk syýasaty boýunça Baş direktory Torbýorn Solstrýom bilen duşuşdy. Taraplar ekologiýa we energetika pudaklarynda, işewürlerik jemgyýetleriniň arasynda, medeniýet we bilim boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkiçniliklerini öwrenmekde şertlendiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026