HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Okuwçylar üçin bäsleşik: “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?”

Sentýabr 05, 2024 | 20:24 |13449
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?” atly bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik Türkmenistandaky mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy aýawly saklamak we azon gatlagyny şeýle-de howany goramak boýunça sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?” atly bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik Türkmenistandaky mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy aýawly saklamak we azon gatlagyny şeýle-de howany goramak boýunça sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.
Çeşme: Ýaş tebigatçy

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?” atly bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik Türkmenistandaky mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy aýawly saklamak we ozon gatlagyny şeýle-de howany goramak boýunça sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça Halkara güni 16-njy sentýabrda bellenilýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1994-nji ýylda ýörite Kararnama esasynda yglan edildi. Halkara gününiň bu senesi, ozon gatlagyny ýok edýän maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna gol çekilmegi bilen bagly saýlandy.

Bäsleşige ozon gatlagyny gorap saklamak hem-de howanyň antropogen täsiri bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň umumy we goşmaça bilim berýän edaralarynyň 7-18 ýaşly (1-12 synplar) okuwçylary gatnaşyp biler.

Ýaryşa hödürlenen işler 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul ediler. Bäsleşigiň talaplaryna laýyklykda tamamlanan işler, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň iş salgysyna (Azady köçesi, 61, ikinji gat. Telefon: +993(64) 268432, 94-03-26.) tabşyrylmaly.

Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda jemlener, ýeňijler baýraklar bilen sylaglanar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026