HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda Amazondan emeli hemra interneti peýda bolup biler

Sentýabr 04, 2024 | 10:53 |7786
Dünýädäki iň uly elektron söwda platformasy “Amazon”-dan emeli hemra interneti Gazagystanda peýda bolup biler.Dünýädäki iň uly elektron söwda platformasy “Amazon”-dan emeli hemra interneti Gazagystanda peýda bolup biler.
Çeşme: dzen.ru

Dünýädäki iň uly elektron söwda platformasy “Amazon”-dan emeli hemra interneti Gazagystanda peýda bolup biler.

Respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi ministri Žaslan Madiýew, sanly goşulyşmak we özgerişler boýunça Astanadaky birinji Merkezi Aziýa Aziýa-Ýuwaş umman maslahatynda Ilon Maskyň “Starlink”-ine meňzeş “Amazon Kuiper” emeli hemra internet hyzmaty bilen ýakyn wagtda boljak şertnama barada aýtdy. Maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) Gazagystan Respublikasynyň Sanly Ösüş, innowasiýa we howa giňişligi senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy.

“Amazon Kuiper – bu emeli hemra arkaly internet çözgüdi. “Starlink”-iň, “OneWeb”-iň analogy. Bu meselede bäsdeşligi ösdürmek arkaly ugur, raýatlar üçin has gowy hyzmatlary elýeterli bahadan alyp bileris” – diýip, ministr belledi.

“Amazon”, 3000-den gowrak emeli hemra arkaly giň zolakly internete girmegi maksat edinýär. Geçen ýyl, “Kuiper Project ” hemra internet hyzmatlaryny ýerleşdirmek üçin ilkinji iki kosmos emeli hemrasyny üstünlikli uçurdy.

Kompaniýa doly güýjünde işlän mahaly, Sietl şäheriniň golaýyndaky desganyň günde bäş töweregi emeli hemra öndürip biljekdigini çaklaýar. Bu bolsa korporasiýanyň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň 2026-njy ýylyň iýulyna çenli 1,6 müňden gowrak “Project Kuiper” enjamyny orbitada ýerleşdirmek baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirip biljekdigini aňladýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026