HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikinji sammiti geçirmäge taýýarlanýar

Sentýabr 02, 2024 | 20:35 |12329
Russiýa ýakyn geljekde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) bilen ýokary derejede ikinji duşuşygyny geçirmegiň taýýarlyk işlerini görýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwanyň Halkara gatnaşyklar Döwlet institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş eden Daşary işler ministri Sergeý Lawrow belläp geçdi.Russiýa ýakyn geljekde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) bilen ýokary derejede ikinji duşuşygyny geçirmegiň taýýarlyk işlerini görýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwanyň Halkara gatnaşyklar Döwlet institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş eden Daşary işler ministri Sergeý Lawrow belläp geçdi.
Çeşme: © Sputnik / Сергей Гунеев

Russiýa ýakyn geljekde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) bilen ýokary derejede ikinji duşuşygyny geçirmegiň taýýarlyk işlerini görýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwanyň Halkara gatnaşyklar Döwlet institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş eden Daşary işler ministri Sergeý Lawrow belläp geçdi.

“Birnäçe ýyl mundan ozal döreden Merkezi Aziýa+Russiýa formatymyz hem bar, - diýip, TASS onuň sözlerini getirýär. – Birinji sammit we birnäçe duşuşyklar geçirildi. Häzirki wagtda bolsa ýakyn geljekde ýokary derejedäki ikinji duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýäris”.

Lawrow Merkezi Aziýa sebitinde täsir etmegiň ugrunda dürli dünýä gatnaşyjylarynyň arasynda göreş gidip dur, diýip aýtdy. “Eger-de degişli ýurt taýyn bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmekde artykmaçlyk görýän bolsa, biz muňa garşy çykyp bilmeýäris. Bu biziň düzgünlerimize we ýörelgelerimize laýyk gelmeýär. Hawa, Merkezi Aziýa sebiti üçin bäsdeşlik gidip dur, - diýip, ol dowam etdi. – Merkezi Aziýa+ABŞ, Merkezi Aziýa+Ýewropa Bileleşigi, +Germaniýa, +Fransiýa, +Ýaponiýa, +Hindistan, +Koreýa, +Eýran, +Türkiýe we beýleki birnäçe formatlar bar”.

Munuň bilen bilelikde, Russiýada we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda Toparlaýyn howpsuzlyk ylalaşygy boýuça guramasynyň we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň borçnamalarynyň arasynda doly özara düşünişmek bolup, olara başga ýurtlaryň teklip edýän taslamalary täsir edip bilmeýär, diýip Russiýanyň ministri belledi.

“Merkezi Aziýa-Russiýa” ilkinji sammiti 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026