Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Hazar deňziniň gününe bagyşlanan makalasy çap edildi


Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow öňdebaryjy “Al Sharq” arap gazetinde Hazar deňziniň halkara gününe bagyşlanan makalasyny çap etdi.

Diplomat öz makalasynda şu senäniň hormatyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahata ünsi jemledi.
Bu çärä diňe bir Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri däl, eýsem dünýäniň çar künjeginden gelen ýokary derejeli wekiller hem gatnaşdy. Maslahat daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek ugryndaky halkara hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
Ilçiniň belleýşi ýaly, Katar Döwletiniň Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň wekilleriniň bu maslahata gatnaşandygyna begendiriji.
Türkmenistan 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji mart aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen halkara bagbançylyk sergisi “Ekspo-2023” öz milli pawilýonyny hödürledi. Sergi “Daşky gurşaw üçin ýaşyl tebigat” şygary bilen geçirildi.
ORIENT news








