HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Somali Respublikasy bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 29, 2024 | 08:42 |9724
Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohamediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçdi.Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohamediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçdi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohamediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçdi.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministri hormatly myhmany Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilkinji täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlap, iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar iki döwletiň arasynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alnyp, birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, hususanda ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Ministr Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy, onuň hukuk binýadynyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilmegi üçin kabul edilen konsepsiýalar, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, halkara hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda geçirilýän halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara Somali Federatiw Respublikasynyň ýaşlarynyň hem gatnaşmagyny teklip etdi.

Hormatly myhman sözüni dowam edip, Somali Federatiw Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň arasynda geljekde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegine, aýratyn hem bu ýurduň ýaşlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe hünärler esasynda, aýratyn hem nebit-gaz, lukmançylyk, deňiz ulaglary hünärleri boýunça bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegine isleg bildirýändigini habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlikleri we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin alnyp baryljak işlerde şowlulyklary arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026