HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleri sebitiň täze brendini öňe sürmek üçin ýygnanarlar

Awgust 27, 2024 | 01:00 |9867
2-6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek “БерегА” okuw maslahatynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleriniň duşuşyk tapgyry geçiriler. Astrahan oblastynyň Ýaşlar baradaky agentliginiň habarlar gullugynda habar berilişi ýaly, duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylar sebitiň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hazarýaka sebitiniň ýagdaýynyň täze konsepsiýasy işlenilip taýýarlanylar.2-6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek “БерегА” okuw maslahatynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleriniň duşuşyk tapgyry geçiriler. Astrahan oblastynyň Ýaşlar baradaky agentliginiň habarlar gullugynda habar berilişi ýaly, duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylar sebitiň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hazarýaka sebitiniň ýagdaýynyň täze konsepsiýasy işlenilip taýýarlanylar.
Çeşme: kaspyinfo.ru

2-6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek “БерегА” okuw maslahatynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleriniň duşuşyk tapgyry geçiriler. Astrahan oblastynyň Ýaşlar baradaky agentliginiň habarlar gullugynda habar berilişi ýaly, duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylar sebitiň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hazarýaka sebitiniň ýagdaýynyň täze konsepsiýasy işlenilip taýýarlanylar.

“Duşuşyk tapgyrynda Russiýanyň regionlaryndan bolan maslahata gatnaşyjylara Hazarýaka ýurtlarynda 18-35 ýaş aralygyndaky telekeçiler, syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri, brend-menejment, sanly brending hünärmenleri, marketologlar goşulşar” – diýlip, habarda bellenilip, Eýranyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň wekilleri eýýäm öz gatnaşmaklaryny tassyklandyklary barada aýdylýar. Şeýle-de duşuşyk tapgyryna Özbegistanyň we Belarusyň wekiliýetleri gatnaşar.

Habarlar gullugynda bellenilişi ýaly, duşuşyk tapgyrynyň meseleleriniň arasynda – “Hazarýaka sebitiniň keşbini nädip üýtgetmeli? Mümkinçilikler we gelejek”, “Sebitiň özboluşly stilini we brendini nädip saýlap almaly?”, şeýle-de sebitleriň medeni mirasyna bagyşlanan leksiýalar geçiriler.

Duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylaryň öňünde ýaşlaryň sebit bilen tanyş bolmaklaryny, onuň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek wezipesi dur. Olar ýaşlaryň telekeçiligi, marketing, syýahatçylyk, çägiň brendleşdirilmegi ugurlarynda Hazarýaka sebitiniň iň naýbaşy tejribelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylar tarapyndan işlenilip düzülen teklipler “БерегА” Maslahatynyň çäginde sentýabr aýynyň 5-ne öz işine başlajak Halkara dostluk klubynyň işiniň esasyny düzer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026