HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Singapurda bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenleriň maslahatyna gatnaşdy

Awgust 27, 2024 | 02:05 |10723
19-23-nji awgust aralygynda Günorta-Gündogar Aziýanyň şäher-döwletine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi: Singapuryň tejribesi” atly maksatnama boýunça halkara seminara gatnaşdy.19-23-nji awgust aralygynda Günorta-Gündogar Aziýanyň şäher-döwletine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi: Singapuryň tejribesi” atly maksatnama boýunça halkara seminara gatnaşdy.
Çeşme: education.gov.tm

19-23-nji awgust aralygynda Günorta-Gündogar Aziýanyň şäher-döwletine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi: Singapuryň tejribesi” atly maksatnama boýunça halkara seminara gatnaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

O.Berdiýewiň aýtmagyna görä, halkara seminaryň maksatnamasy baý many-mazmuna eýe boldy. Diňleýjiler Singapuryň bilim ulgamynyň öňünde duran wezipelerine laýyklykda meseleleri çözmekde hünärmenleriň tejribesine hem-de okuwçylaryň ygtyýarlyklarynyň döredilmegine we olaryň geljekde mekdepde üstünlikli okamaklary üçin şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen oňaýly netijeleri gazanmak maksady bilen bu ýurtda geçirilýän özgerişleri bilen tanyşdylar.

Singapuryň bilim ulgamyndaky hem-de bilim ulgamyny dolandyrmakdaky toplumlaýyn çemeleşmede häzirki zaman usullary, şeýle-de singapurly mekdeplerde bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we liderlige höwes döretmäge gönükdirilen syýasaty we innowasiýa tejribeleri derňeldi.

Trening tejribe alyşmagy, bilim edaralaryna baryp görmekligi, topar sapaklaryna gatnaşmaklygy öz içine aldy. Leksiýa berenleriň görkezme tanyşdyrylyşy örän giňişleýindi, netijeli çekişmeler geçirildi. Seminaryň netijesinde oňa gatnaşyjylara halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşuryldy.

27082024-turkmenistan-v-forume-razrabotchikov-obrazovatelnoj-politiki-v-singapure (1).jpg

Singapuryň bilim ulgamy ýokary netijeliligi gazanyp, dünýä tarapdan ykrar edildi, ykjam häsiýete eýe bolup, ol ykdysadyýet düzümine uýgunlaşan. Singapurly mekdep okuwçylary halkara bilim synaglarynda yzygider iň gowy netijeleri görkezmegi başarýarlar.

Singapurda bilim ulgamynyň häzirkiz zaman ösüş tapgyrynyň esasy maksady her adamy durmuşyň dowamynda okamaga, täze bilimleri we endikleri öwrenmäge, täze tehnologiýalary özleşdirmäge, innowasiýalaryň ruhyny ösdürmäge höwes döredýän gurşawyň döredilmegi bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026