Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, bu okuw maslahatyna metodologiýany, okuw usulyýet materiallaryny ösdürmäge jogapkär öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar.
Okuw maslahaty oňa gatnaşyjylaryň Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek ulgamynda nazary we amaly başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berer.
Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy – halkara söwdada, gümrükde, ulag-ekspeditorçylyk işinde we statistikada klassifikasiýa maksatlary üçin ulanylýan köpmaksatly halkara haryt klassifikasiýa ulgamy. Dünýäniň köp ýurtlarynyň gümrük we statistik nomenklaturalary Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy esasynda gurulýar. Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy Bütindünýä gümrük guramasynda daşary söwda üçin esasy önüm nomenklaturasy hökmünde ulanylýar. Klassifikasiýa nukdaýnazaryndan Bütindünýä gümrük guramasynyň birnäçe şertnamasy Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyns esaslanýar. Ol şeýle görnüşde işlenip düzülen, ýagny, 33 kiçi topara, 1241 sanlara we halkara klassifikasiýa ähmiýetiniň 5019 kömekçi sanlara bölünen bitewi klassifikasiýa ulgamyny birleşdirýän görnüşde döredildi.
ORIENT news








